bürüşmek

bürüşmek
işlik
1) Ýygrylmak, çytylmak.
∙ Onuň çep gözüniň ýokary gatlagy peşehorda çykyp gutulan ýaly bürşüpdir. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
∙ Birden ene çytyk gaşy bürüşdi. (A. Atajanow, Iki Poema)
2) Endamyň bir ýeri ýa-da başga bir zat oda ýa-da gaýnan suwa ýanyp çürüşmek.
∙ Olar bütinleý oda gowrulyp bürşüpdirler. (O. Gonçar, Baýdak Göterijiler)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem bürüşmek - bürşer, bürşüpdir.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Смотреть что такое "bürüşmek" в других словарях:

  • bürüşmek — yuvarlak ;ey dikmekte yardım etmek, II, 94 …   Divan-i Luqat-i it-Türk Dizini


Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»